Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Mirziýoýewiň gyzynyň doglan güni esasy habar boldy


Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa. 2017 ý.
Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa. 2017 ý.

Özbegistanyň döwlet telewideniýesi prezident Şawkat Mirziýoýewiň gyzynyň doglan gününi iň esasy täzelik hökmünde hödürledi.

4-nji noýabrda Özbegistanyň Maglumat boýunça Milli Agentligi habarlaryny şu sözlem bilen başlady: “Şu gün prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzy Saida Mirziýoýewa özüniň doglan gününi belleýär”.

Munuň yzy bilen, Mirziýoýewiň gyzynyň resmi terjimehaly berildi.

Ýanwarda Mirziýoýewa prezident diwanynyň ýanynda täze esaslandyrylan kommunikasiýa we media dolandyryş agentliginiň başlygy wezipesine bellenipdi.

Bu agentlige ýurtdaky media gözegçilik etmek üçin köp ygtyýarlyklar berildi.

Mirziýoýewanyň resmi terjimehalyna görä, ol Daşkentdäki Dünýä Ykdysadyýeti we Diplomatiýasy Uniwersitetini gutarypdyr.

Kakasy prezident bolýança, ýagny 2016-njy ýylyň dekabryna çenli onuň döwlet edaralarynda işläp-işlemändigi barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG