Türkiýe Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitinde “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň öldürilen lideri Abu Bakr al-Baghdadiniň uly gyz doganyny ele saldy.
Reuters we AP agentlikleriniň ýokary derejeli türk resmisine salgylanyp beren maglumatyna görä, 65 ýaşly Rasmiýa Awad 4-nji noýabrda serhetýakadaky Aleppo welaýatynyň Azaz şäherinde geçirilen reýdiň dowamynda ele salnypdyr.
Aýdylmagyna görä, Awad ulag tirkeginde adamsy, gelni we bäş çagasy bilen ýaşapdyr.
Atlandyrylmasyzlygyny soran türk resmisi Awadyň aňtaw jähtinden “altyn käni” bolup biljekdigini aýtdy.
Al-Baghdadiniň gyz dogany barada kän maglumat ýok.
Geçen aý Baghdadi öldürilenden soňra, 31-nji oktýabrda ekstremistiki toparyň täze lideri Abu Ibrahim al-Haşemi al-Kuraýşi diýen şahsyýetiň bolandygy aýdyldy.
“Yslam döwleti” ekstremistiki toparyna 2014-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden Baghdadi 26-njy oktýabrda Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatynda ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň operasiýasynyň dowamynda öldürildi.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat