Gazagystanda, Sudanda, Braziliýada we beýleki döwletlerde soňky ýylyň dowamynda internet azatlygy babatynda uly yza gaýtmalar boldy diýip, Freedom House, ýagny Azat Öý guramasynyň soňky hasabatynda aýdylýar.
Düýbi Waşingtonda ýerleşýän guramanyň 5-nji noýabrda ýaýradan hasabatynda hökümetleriň sosial ulgamlary raýatlara gözegçilik etmek we saýlawlara täsir ýetirmek üçin ulanýandyklary hem bellenilýär.
Hasabatda käbir döwletlerde režimleriň häkimiýet başynda galmak üçin websaýtlary petikleýändikleri we Interneti çäklendirýändigi hem nygtalýar.