Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik serhedinde "Yslam döwleti" toparynyň 'eden hüjüminde' 17 adam öldürildi


Hüjümçileriň weýran edilen awtoulaglary. 6-njy noýabr, 2019.

“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň jeňçileri Täjigistanda serhet berkitmesine hüjüm edip, bir serhetçini we bir polisiýa ofiserini öldürdi diýip, täjik resmileri aýtdylar.

Döwlet Milli howpsuzlyk komitetiniň 6-njy noýabrda aýtmagyna görä, 20 hüjümçi ýerli wagt bilen ir saga 3-de Duşenbäniň 60 km günorta-günbataryndaky serhet berkitmesine hüjüm etdi.

“Tanalmaýan we ýüzi perdeli hüjümçileriň” 15 sanysy gaýtawul berlende öldürildi we galan hüjümçiler, bäş adam ýesir alyndy diýip, Milli howpsuzlyk komiteti aýtdy.Hüjümçileriň Owganystan tarapdan gelendigi aýdylýar.

YD bu hüjümiň arkasynda özüniň durandygyny tassyklamady.

Nämälim hüjümçiler hüjüm mahalynda bäş sany Kalaşnikow awtomatyny ele geçirdiler diýip, MHK aýtdy.

Içeri işler ministrligi hüjümçileriň ulanan bäş awtoulagynyň hatardan çykarylandygyny aýtdy.

Hüjümçileriň awtoulaglary
Hüjümçileriň awtoulaglary

MHK-nyň Merkezi serhet goragy müdirligi hüjümçileriň Owganystanyň Gunduz welaýatynyň Kalaýe-Zal etrabyndan gelip, Täjigistanyň Hatlon sebitiniň Kabodiyon etrabyna 3-nji noýabrda girendigini aýtdy.

Hüjümçileriň hüjüm eden serhet berkitmesi Soltanabat serhet goragçylary düzümi tarapyndan goralýardy.

AÝ/AR-nyň habarçylaryna wakanyň bolan ýerine baryp görmäge rugsat berilmedi.

Bu töwerekdäki ýollaryň ählisi baglandy we ýurduň beýleki ýerlerinde, şol sanda paýtagt Duşenbede ýaragly barlag nokatlary döredildi.

Hüjümçiler hakynda başga maglumat berilmedi, öldürilen polisiýa ofiseriniň we serhetçiniň atlary aýdylmady.

YD topary 2018-nji ýylyň iýulynda günorta Täjigistanda günbatarly dört welosipedçiniň öldürilmeginiň, 2018-nji ýylyň noýabrynda we 2019-njy ýylyň maýynda gurnalan iki sanly ganly türme hadysasynyňjogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Soňky ganly waka Täjigistanyň Konstitusiýa gününde, milli baýramçylykda, prezident Emomali Rahmonyň onlarça ministr bilen 12-nji noýabrda çenli Ýewropa resmi sapar edýän wagtynda boldy.

Wakanyň bolan ýerinde derňew geçirilýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG