Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus häkimiýetleri oppozisiýa aktiwistini Täjigistana ibermek talabyndan boýun gaçyrdy


Farhod Odinaew
Farhod Odinaew

Belarus häkimiýetleri oppozisiýa aktiwisti we žurnalist Farhod Odinaewi öz dogduk ýurdy Täjigistana ekstradisiýa etmekden boýun gaçyrdy. Duşenbede ony gadagan edilen gurama agza bolmakda we ekstremizme goldaw bermekde aýyplaýarlar.

Belarusyň adam hukuklary guramasy “Human Constanta” 5-nji noýabrda Baş prokuraturanyň täjik häkimiýetleriniň 42 ýaşyndaky Odinaýewi ekstradisiýa etmek baradaky talabyny ret edendigini aýtdy.

“Human Constanta” guramasynyň wekili Nasta Loýka Odinaýew Orsýete iberiljege meňzeýär, sebäbi ol Belarusa şol ýerden gelipdir diýdi.

Odinaýew Belarusyň migrasiýa häkimiýetleri tarapyndan Täjigistanyň häkimiýetleriniň talaby boýunça 25-nji sentýabrda, Polşanyň paýtagty Warşawada geçýän adam hukuklary maslahatyna gatnaşmaga barýarka tussag edildi.

“Human Constanta” oktýabrda, eger-de Täjigistana ekstradisiýa edilse, Odinaýewiň gynamalara we beýleki ýowuz daraşmalara sezewar ediljekdigini aýtdy.

Täjik hem rus pasportlary bolan Odinaýew Täjigistanyň gadagan edilen Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň agzasydy we birnäçe aý Moskwada işlän oppozision Safo TW-siniň işgäri boldy.

XS
SM
MD
LG