Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary hytaýly uýgularyň 'ýanalmagyndan' alada bildirýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo uýgur “aktiwistleriniň we aman galanlaryň” maşgalalarynyň Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitindäki Sinjiaňda gurlan içerki lagerlerde “ýanalýandygyny” aýdyp, aladasyny bildirdi.

Pompeo 5-nji noýabrda Waşingtonda eden beýanatynda “Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň uýgur musulman aktiwistleriniň we Sinjiaňdaky içerki lagerlerden aman gutulyp, öz başdan geçirenlerini aýan eden adamlaryň maşgala agzalarynyň ýanalýandygy, tussag edilýändigi ýa-da eden-etdilikli tutulyp saklanýandygy baradaky maglumatlardan çuňňur alada galýandygyny” aýtdy.

Ol bu hili ýanamalaryň käte Döwlet departamentiniň uly resmileri bilen bolan duşuşyklaryň yz ýanyndan edilýändigini hem sözüne goşdy.

"Uýgur aklawçylarynyň pikirini açyk aýtmak batyrgaýlygy HHR-yň adam hukuklaryny bozuşy, şol sanda din azatlygynyň garşysyna görýän repressiw çäreleri baradaky hakykaty açmak üçin örän möhüm” diýip, beýanatda aýdylýar.

BMG geçen ýylyň awgustynda 1 million çemesi uýguryň, esasan Sinjiaň sebitinde ýaşaýan etniki musulman azlyklarynyň wekilleriniň “ekstremizme garşy merkezlerde” saklanylýandygyny aýtdy.

BMG ýene-de millionlap adamyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde saklanylýandygyny habar berdi. Hytaý bu desgalaryň içerki lagerleridigini inkär edýär.

XS
SM
MD
LG