Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Fordowda uran baýlaşdyryp başlaýar


Eýranyň Kum şäherindäki Fordow ýadro desgasynyň iç görnüşi.

Eýran Fordowdaky ýadro desgasynda sentrifugalara uran gazyny goýberýändigini aýtdy.

Bu Tähranyň 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşan aýdro ylalaşygynyň şertlerini berjaý etmekden has daşlaşýandygyny aňladýar.

Eýranyň atom energiýasy gullugy 7-nji noýabrda öz websaýtynda beýanat çap edip, “Fordow desgasynda baýlaşdyrylan uranyň önümçiligi we toplanmagy başlandy” diýdi.

Bu beýanat gullugyň sözçüsiniň bir gije ozal, “gelýän sagatlarda, Halkara atom energiýasy gullugynyň inspektorlarynyň gatnaşmagynda, sentrifugalara gaz [uranium hexafluoride] goýbermek prosesi tamamlananar” diýen sözleriniň yz ýanynda edildi.

Ýarym resmi ISNA habar gullugy sözçi Behrouz Kamalwandiniň aýdan sözlerine salgylanyp, baýlaşdyrylan uran “önümçiliginiň” “ýarygijede işläp başlajagyny” aýtdy.

BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugynyň sözçüsi inspektorlaryň “Eýrandadygyny we degişli işjeňlikleri ählisi barada HAEG-nyň Wenadakay edarasyna habar berjekdigini” aýtdy.

Şeýle-de agentlik özüniň Eýranda 7-nji noýabrda adatdan daşary geňeş maslahtyny geçirjekdigini aýtdy.

Prezident Hassan Rohani birnäçe sagat öň twitterde “ABŞ syýasaty we onuň ýaranlary sag bolsun, Fordow basym doly güýjünde gaýtadan işläp başlar” diýip ýazdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG