Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky awtoulag partlamasynda bir adam öldi, iki adam ýaralandy


Partlamada bir adam öldi.
Partlamada bir adam öldi.

Kiýew şäherinde, uly ýolda bolan awtoulag partlamasynda bir adam öldi, iki adam ýaralandy, bu hadysa üçünji tarap, motorly adam sebäp bolana meňzeýär diýip, ukrain polisiýasy aýtdy.

Polisiýa 6-njy noýabr güni giçlik gara reňkli “Mersedes” sedan awtoulagynyň Brest-Litowsk ýolunda, agşam sagat 9:40 çemesinde partlandygyny aýtdy.

Sürüji wakanyň bolan ýerinde öldi, partlamanyň sarsgyny netijesinde golaýdaky iki awtoulaga zyýan ýetdi.

“Bu hadysa motosikletli adamyň gatnaşygy bolan bolmaly” diýip, polisiýa aýtdy. Şaýatlar ýerli media özleriniň bir motosikletli adamyň bu awtoulagyň ýolagçy oturýan tarapyndan baryp, gaçyp gitmezden öň oňa partlaýjy madda oklandygyny aýtdylar.

Polisiýa güman edilýän motorly adamy tussag etmek üçin “ýörite operasiýa” geçirýär. Köçedäki hadysalara gözegçilik edýän kameralaryň wideo ýazgysy habar saýtlary tarapyndan çap edildi.

XS
SM
MD
LG