Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik resmileri YD atyşygyndan soň çap eden we sorag döreden suratlaryny öçürdiler


Täjigistanda bolan hüjümden soň düşüirlen we montaž edilen suratlar. Olaryň senesi görkezilmeýär.
Täjigistanda bolan hüjümden soň düşüirlen we montaž edilen suratlar. Olaryň senesi görkezilmeýär.

Gyrak-çetdäki serhet berkitmesine edilendigi aýdylan terror hüjümi bilen baglylykda, täjik resmileri tarapyndan elhenç görnüşli suratlar çap edildi, soňra olar redaktirlendi we ahyrynda öçürildi.

Bu ýagdaý bolup geçen waka bilen baglylykda bir topar soragyň döremegine sebäp boldy.

6-njy noýabr güni ir sagatlarda bolan atyşyk we azyndan 17 adamyň ölendigi barada çykan habarlardan soň uzak galman, täjik resmileri bu wakadan soň düşürilen ençeme suraty çap etdi.

6-njy noýabrda bolan hüjümden soň düşürilen, AÝ/AR tarapyndan solgunlaşdyrylan surat.
6-njy noýabrda bolan hüjümden soň düşürilen, AÝ/AR tarapyndan solgunlaşdyrylan surat.

Ol suratlaryň dördüsi, weýran edilen awtoulaglaryň ýanynda bulaşyp ýatan jesetleri görkezýän şekiller redaktirlemezden çap ederden örän elhenç. Ol jesetleriň birnäçesi erbet ýanan görnüşde we gara eşikli. Olaryň ýanlarynda awtomatiki ýaraglar we ok gaplary pytrap ýatyr.

Täjik häkimiýetleri hüjümçileriň “Yslam döwleti” toparynyň Owganystandan gelen nökerleri bolandygyny, olaryň serhet berkitmesine hüjüm edip, azyndan bir serhetçini we polisiýa ofiserini, iki adamy öldürendiklerini aýdýarlar.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň tassyklamagyna görä, hüjümçileriň 15 sanysy öldürildi. Olaryň azyndan dördüsi gaçdy we golaýdaky obada tussag edildi.

Emma AÝ/AR-a elýeterli bolan suratlaryň ikisinde beýlekilere meňzeş eşik geýdirilen, emma elleri arkasyna berk daňlan adamyň jesedi görünýär.

Eli daňlan adamyň jesedini görkezýän şekil soň kesildi.
Eli daňlan adamyň jesedini görkezýän şekil soň kesildi.

Täjik hökümetiniň sözçüsi AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň eline plastik gandal salnan adamyň öli ýa diri bolandygy baradaky soragyna ne tassyklaýjy, ne-de inkär ediji jogap bermekden boýun gaçyrdy.

Emma onuň hakykatdan hem öli bolandygyny aňladýan käbir alamatlar görünýär:

Eli daňlan adamyň jesedini görkezýän ikinji surat, beýleki jesetler erbet ýanan, olar AÝ/AR tarapyndan solgunlaşdyryldy.
Eli daňlan adamyň jesedini görkezýän ikinji surat, beýleki jesetler erbet ýanan, olar AÝ/AR tarapyndan solgunlaşdyryldy.

Täjik hökümetiniň beren maglumatyna görä, ele salnan hüjümçileriň ählisi atyşygyň bolan ýerinde, suratlaryň düşürilen ýerinde däl-de, golaýdaky obada diri tutuldy.

Eli gandally adamyň şekilini görkezýän suratlardaky adam şol bir pozisiýada galýar, onuň barmaklary gymyldamaýar.

Suratlaryň anyk düşürilen wagtyny görkezjek maglumatlar arassalanyp aýrylan hem bolsa, ol suratlaryň gündiz alnandygy, ýagny eli gandally adamy görkezýän iki suratyň ir sagat 3:20-de bolandygy aýdylýan atyşykdan azyndan dört sagat soňra düşürilendigibelli bolýar.

Eli gandally adamyň şekiliniň kesilendigini görkezýän surat.
Eli gandally adamyň şekiliniň kesilendigini görkezýän surat.

Eger-de ol diri bolsa, ol ýanyp duran awtoulagyň gapdalynda sagatlap ýatan bolmaly ýa-da ol ýere surat alynmazyndan öň getirilen bolmaly.

AÝ/AR täjik häkimiýetlerine bu ýagdaý barada düşündiriş üçin ýüz tutandan soň, metbugat üçin berlen suratlaryň azyndan biri başga surat bilen çalşyryldy we eli gandally jesediň suraty kesilip aýryldy.

AFP bu hadysanyň bolan ýerinden üç suraty çap etdi, olaryň hiç birinde eli gandally adamyň şekili görünmeýär.

AFP kompaniýasynyň sözçüsi AÝ/AR bilen habarlaşanda ol suratlary Täjigistanyň Içeri işler minsitrliginden eli gandally adamyň şekiliniň kesilen görnüşinde alandygyny tassyk etdi.

Soňra, Merkezi Ýewropa wagtynda günortanlar, ministrlik bu şekilleriň ählisini öz websaýtyndan öçürdi we hiç bir düşündiriş bermedi.

“Yslam döwleti” diýilýän Täjigistanda Konstitusiýa gününde, milli baýramçylyk wagtynda, uzak wagtlyk prezident Imomali Rahmonyň ilkinji gezek prezident saýlanmagynyň 25-nji ýyl dönüminde bolan hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe öz boýnuna almady.

XS
SM
MD
LG