Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bolan ýertitremede azyndan bäş adam öldi


Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolan 5.9 magnitýudly ýer titremesinde azyndan bäş adam öldi.
Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolan 5.9 magnitýudly ýer titremesinde azyndan bäş adam öldi.

Demirgazyk Eýranda bolan güýçli ýer titremesinde azyndan bäş adam öldi, onlarça adam ýaralandy

Demirgazyk Eýranda, gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolan 5.9 magnitýudly ýer titremesinde azyndan bäş adam öldi diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berdi. Ýer 8-nji noýabrda, ir sagat 2:17-de yrandy.

Irden peýda bolan maglumatlara görä, ýer yranmasy netijesinde azyndan 120 adam ýaralandy.

Bu sebitiň häkimiýetleri agyr ýagýan ýagyş-ýagmyryň halas ediş işlerini bökdeýändigini aýtdylar we detallar aýdyň bolman galýar.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi gullugy ýer yranmasynyň 10 km çuňlukda, onuň merkeziniň Asbforushan şäheriniň golaýynda bolandygyny wegüýjüniň 5.8 magnitýuda barabardygyny aýtdy.

Ýewropanyň Ortaýer seýsmologiýa merkezi ýer yranmasynyň Tabriz şäheriniň 112 km günorta-gündogarynda bolandygyny, sarsgyny 20 million çemesi adamyň aýtdy.

XS
SM
MD
LG