Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň iň tanymal hukuk goraýjysy Sergeý Şarow-Delone aradan çykdy


Sergeý Şarow-Delone “Gözenegiň arkasyndaky Orsýet” hukuk guramasynyň başlygy Olga Romanowa bilen. Arhiw suraty
Sergeý Şarow-Delone “Gözenegiň arkasyndaky Orsýet” hukuk guramasynyň başlygy Olga Romanowa bilen. Arhiw suraty

Orsýetiň iň tanymal adam hukuklaryny goraýjysy Sergeý Şarow-Delone 63 ýaşyndan aradan çykdy.

Hukuk goraýjynyň ogly Aleksandr Şarow we “Gözenegiň arkasyndaky Orsýet” hukuk guramasynyň başlygy Olga Romanowa Şarow-Delonyň 7-nji noýabr gijesinde, rak keselinden ýogalandygyny aýtdy.

Şarow-Delone Moskwada 2012-nji ýylyň maýynda, Wladimir Putiniň üçnünji möhlete prezident bolmagynyň inagurasiýasynyň öňüsyrasynda bolan demonstrasiýalar mahalynda polisiýanyň protestçilere garşy ulanan ýowuz çärelerini derňän “6-njy maý komitetiniň” agzasydy.

Ol “Gözenegiň arkasyndaky Orsýet” toparynyň üsti bilen türmä basylan aktiwistlere işjeň kömek etdi we Moskwadaky Jemgyýetçilik goragçylary mekdebiniň işini utgaşdyrdy.

Şarow-Delone sowet döwrüniň tanymal dissidenti, Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda sowetleriň ýolbaşçylygynda 1968-nji ýylyň awgustynda Çehoslowakiýa goşun girizilmegine garşy açyk protest bildiren ýedi adamyň biri Wadim Delonyň ýegenidi.

AÝ/AR 2017-nji ýylda Şarow-Delonyň durmuşy we işi hakynda “Goragçy” ady bilen dokumental film taýýarlady.

XS
SM
MD
LG