Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň Punjab welaýatyndaky hüjümlerde 9 adam öldürildi


Pakistanyň kartasy

Pakistanyň Punjab welaýatynyň Rajanpur etrabynda polisiýanyň ulagyna edilen hüjümde azyndan bäş adam öldi.

Pakistanyň resmileriniň sözlerine görä, 10-njy noýabrda polisiýa Arbi Tiba sebitinde jeňçi bolmakda güman edilýänleri saklamak üçin gelende, olara garşy ot açylypdyr.

Polisiýanyň metbugat wekiliniň beren maglumatyna laýyklykda, hadysada iki polisiýa ofiseri, iki aňtaw ofiseri, şeýle-de maglumatçy öldürilipdir.

Hüjümiň jogapkärçiligini bata-bat hiç kim öz üstüne almady.

Şol günüň özünde Punjap welaýatynyň Dera Ghazi Khan şäherindäki barlag-gözegçilik nokadyna motosikletli ýaraglylaryň amala aşyran hüjüminde dört adam, şol sanda bir polisiýa ofiseri öldürildi. Ok atyşykda ýene bir polisiýa ofiseri ýaralandy.

Welaýatyň Rajanpur we Dera Ghazi Khan sebitlerindäki hüjümlere ilteşikli bolmakda güman edilýänleri ele salmak üçin goşmaça güýçler ugradyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG