Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada ukrainaly donbas uruş weteranyny Russiýa ekstradisiýa etmek boýunça diňlenişik geçiriler


Ihor Mazur. Lublin, Polşa. 10-njy noýabr, 2019 ý.
Ihor Mazur. Lublin, Polşa. 10-njy noýabr, 2019 ý.

Polşada Ukrainanyň Donbas sebitindäki dowam edýän konfliktiň weteranyny, Ukrainanyň milletçi toparynyň agzasyny ekstradisiýa edip etmezlik boýunça sud diňlenişiginiň 12-nji noýabrda başlanmagyna garaşylýar.Bu barada Ukrainanyň Lublindäki konsuly Artem Walakh 10-njy noýabrda žurnalistlere mälim etdi.

Ihor Mazur 9-njy noýabrda Dorohusk-Jahodin serhet geçelgesinde polşaly serhetçiler tarapyndan saklanypdy. Ol aşa-sagçy milletçi UNA-UNSO toparynyň ýokary derejeli agzasydyr. Russiýa Interpolyň üsti bilen onuň tussag edilmegini sorapdy.

Mazur 1994-1995-nji ýyllar aralygynda bolan Birinji Çeçen urşunda Russiýanyň federal güýçlerine garşy söweşmekde, şeýle-de Moskwanyň “ekstremist” hökmünde häsiýetlendirýän iki ukrain toparyna agza bolmakda aýyplanýar.

Mazur Warşawadaky konferensiýa gatnaşmak isländigini, emma muňa derek Çelme äkilidilip, polşaly prokurorlar tarapyndan üç sagada golaý wagt sorag edilendigini aýtdy. Ol soňy bilen girew esasynda azatlyga goýberilip, Ukrainanyň Lublindäki konsulhanasyna berildi.

XS
SM
MD
LG