Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azatlyk Radiosynyň derňew makalasynda ady geçen şahsyýet Stambulda öldürildi


Stambul

Azatlyk Radiosynyň derňew makalasynda ady geçen, Hytaýyň Şinjiang sebitinden bolan telekeçi Stambulda atylyp öldürildi.

Aýerken Saýmaitiniň ady Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Gyrgyzystandan $700 million möçberinde maliýe serişdesiniň bikanun çykarylandygy boýunça taýýarlan derňew makalasynda agzalypdy.

Türk mediasynyň maglumatyna görä, Aýerken Saýmaiti Stambulyň Fatih etrabyndaky restoranlaryň birinde näbelli hüjümçi tarapyndan atylypdyr, soňy bilen-de keselhanada ýogalypdyr.

Maý aýynda Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna Saýmaitiniň we gyrgyz kompaniýasynyň bank hasaplarynyň üsti bilen Gyrgyzystandan azyndan $250 million çykarylandygyny görkezýän dokumentler gowuşdy.

Azatlyk Radiosynyň bu baradaky makalasyndan soňra, Gyrgyzystanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça gullugy şinjiangly etniki uýgur Saýmaitiniň maliýe galplyk aýyplamalary esasynda gözlege yglan edilendigini tassyklady. Maglumata görä, 11 bank hasaplarynyň üsti bilen Gyrgyzystandan $646 million çykarylypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG