Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus Dumasynyň öňki deputaty Woronenkowyň öldürilmeginde güman edilýäniň aklawçysy atylyp öldürildi


Russiýanyň Döwlet Dumasynyň öňki deputaty Denis Woronenkow Kiýewiň merkezindäki “Premier Palace” atly bäş ýyldyzly myhmanhananyň girelgesiniň golaýynda atylyp öldürilipdi.
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň öňki deputaty Denis Woronenkow Kiýewiň merkezindäki “Premier Palace” atly bäş ýyldyzly myhmanhananyň girelgesiniň golaýynda atylyp öldürilipdi.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň öňki deputaty Denis Woronenkowyň öldürilmegini planlaşdyrmakda güman edilýäniň aklawçysy ukrain paýtagty Kiýewiň günbataryndaky Žytomyr regionynda aw awlaýan mahaly öldürildi. Bu waka 10-njy noýabrda boldy.

Şübheliniň beýleki bir aklawçysy Wladyslaw Doboşyň we Žytomyr regionynyň polisiýasynyň Facebook sosial ulgamynda çap eden beýanatyna görä, tokaý sakçylary bilen awçylaryň arasynda konflikt döredi. Munuň netijesinde aklawçy Swýatoslaw Parkhomenko atylyp öldürildi.

Polisiýa deslapky klassifikasiýalara görä, adam öldürmäge synanyşmak, bilkastlaýyn adam öldürmek we bikanun ýarag saklamak boýunça derňewleri başlatdy.

Parkhomenko häkimiýetler tarapyndan 2017-nji ýylyň 23-nji martynda Woronenkowyň öldürilmegini amala aşyrmak üçin iki ulag sürüjisini we bir ýaragy guramalaşdyrmakda güman edilýän Oleksandr Losa wekilçilik edýärdi. Woronenkow Kiýewiň merkezindäki “Premier Palace” atly bäş ýyldyzly myhmanhananyň girelgesiniň golaýynda öldürilipdi.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň öňki deputaty we onuň aýaly Mariýa Maksakowa 2016-njy ýylyň oktýabrynda Ukraina göçdüler. Bu waka rus derňewçileriniň Woronenkowyň Moskwada emlägiň bikanun ele salynmagyna gatnaşandygy baradaky öňe sürmeler boýunça derňewleri geçirmäge çagyryş etmeginiň yzýanyna gabat gelipdi.

2017-nji ýylyň fewralynda düýbi Ukrainada ýerleşýän censor.net neşirine beren interwýusynda Woronenkow şu günki Russiýany nasistik Germaniýa bilen deňeşdirip, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň ýurtdaky ähli zady kontrol edýändigini aýdypdy.

Şeýle-de, ol Russiýanyň 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyny “ýalňyş” diýip atlandyryp, ozalky ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçe garşy görkezme berendigini hem aýdypdy. Ýanukowiç 2014-nji ýylyň fewralynda Kiýewde Ýewropa tarapdar protestler başlanan mahaly, Ukrainadan Russiýa gaçyp gidipdi.

Woronenkowy atyp öldüren Pawlo Parşow öňki kanunçykaryjynyň janpenasy tarapyndan atylandan soň, keselhanada aradan çykypdy.

Hüjümçiniň şärigidigi aýdylýan Ýaroslaw Lewenets häkimiýetler tarapyndan 2012-nji ýyldan bäri gözlenilýär. Ol maliýe jenaýatlarynda aýyplanýar.

Hüjümçini wakanyň bolan ýerine alyp barandygy aýdylýan sürüji Ýaroslaw Tarasenko 2017-nji ýylyň 16-njy iýulynda tussag edilipdi.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Ukrainanyň şol döwürdäki baş prokurory Ýuriý Lutsenko şübheliniň adyny agzamazdan, Woronenkowyň öldürilmegini buýran adamyň Russiýadadygyny we onuň jenaýat toparlary hem-de aňtaw gulluklary bilen ilteşiklidigini aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG