Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gazada jeňçi toparynyň kommandirini öldürdi


“Yslam jyhady” jeňçi toparynyň kommandiri Baha Abu Al-Attanyň Gazadaky öýi. 12-nji noýabr, 2019 ý.
“Yslam jyhady” jeňçi toparynyň kommandiri Baha Abu Al-Attanyň Gazadaky öýi. 12-nji noýabr, 2019 ý.

Ysraýyl Gaza Zolagynda Eýran tarapyndan goldanylýan palestinaly “yslam jyhady” jeňçi toparynyň ýokary derejeli kommandirini öldürdi.

Muňa jogap edip, jeňçiler Ysraýylyň şäherlerine, şol sanda Tel-Awiwe hem raketalary atdylar. Adam pidalary barada häzirlikçe maglumat ýok.

Ysraýyl Baha Abu Al-Attanyň serhetýakada ençeme hüjümleri amala aşyrandygyny aýtdy.

Al-Attanyň Gazanyň Şejaiýae etrabyndaky öýüne amala aşyrylan hüjümde onuň aýaly hem öldi diýip, jeňçi topary aýtdy. Partlamada başga-da iki adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG