Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti tussaglykdaky ýokary derejeli jeňçileri günbatarly zamunlar bilen çalyşmaga taýýar


"Hakkani" toparynyň ýokary derejeli wekili Anas Hakkani
"Hakkani" toparynyň ýokary derejeli wekili Anas Hakkani

Owgan prezidenti Aşraf Ghani öz hökümetiniň Kabuldaky Owganystanyň Amerikan Uniwersitetiniň zamun alnan iki professorynyň azat edilmeginiň öwezine, “Talybanyň” tussaglykdaky ýokary derejeli üç wekilini, şol sanda “Hakkani” toparynyň lideri Sirajjuddin Hakkaniniň inisi – Anas Hakkanini hem azatlyga goýbermäge taýýardygyny aýtdy.

Tussaglar häzir Bagram türmesinde saklanylýar diýip, owgan prezidenti Aşraf Ghani 12-nji noýabrda mälim etdi.

Tussaglar diňe “Talybanyň” amerikaly Kewin Kingi we awstraliýaly Timothy Weeksi azatlyga goýbereninden soňra boşadylar diýip, Ghani belledi.

60 ýaşly King we 48 ýaşly Weeks 2016-njy ýylyň awgustynda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy.

Kabul Anas Hakkaniden başga-da, “Talybanyň” ýene iki ýokary derejeli wekiliniň: Hafiz Raşid Mariniň we Haji Milli Khanyň hem azat ediljekdigini aýtdy.

“Olar ABŞ-nyň gözegçiliginde Katara ýollanar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran owgan resmisi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG