Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň hasaba alynmadyk sebitinde uranyň galyndylary tapyldy


Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentliginiň Wenadaky baş edarasy

BMG-niň atom energiýasy gullugy Eýranyň hasaba alynmadyk bir sebitinde “antropogen asylly tebigy uranyň galyndylaryny” tapandygyny mälim etdi.

Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi agza ýurtlara ýollan gizlin çärýek hasabatynda gürrüňi gidýän sebiti aýdyňlaşdyrmady.

Ysraýyl Eýrany Tähranyň etegindäki Turkuzabad etrabynda hasaba alynmadyk bir toplumda atom işlerini alyp barmakda aýyplaýar.

Hasabatda Eýranyň Fordow ýadro desgasynda urany baýlaşdyryp başlandygy hem tassyklanýar. Bu 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň şertlerine çapraz gelýär.

2018-nji ýylyň maýynda prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykarypdy we Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.

Mundan soň, Eýran ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG