Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti ýokary derejeli söweşijileri günbatarly zamunlar bilen çalyşmaga taýýar


"Hakkani" toparynyň ýokary derejeli wekili Anas Hakkani
"Hakkani" toparynyň ýokary derejeli wekili Anas Hakkani

Owgan prezidenti Aşraf Gani öz hökümetiniň “Talybanyň” tussaglykdaky ýokary derejeli üç agzasyny, şol sanda “Hakkani” toparynyň lideri Sirajuddin Hakkaniniň inisi – Anas Hakkanini-de Kabuldaky Owganystanyň Amerikan uniwersitetiniň iki professory bilen çalşyp, azatlyga goýbermäge taýýardygyny aýtdy.

Ganiniň 12-nji noýabrda metbugat ýygnagynda aýtmagyna görä, bu tussaglar häzir Bagram türmesinde saklanýar.

Tussaglar diňe “Talybanyň” 2016-njy ýylyň awgust aýynda alnyp gaçylan amerikaly Kewin Kingi we awstraliýaly Timothy Weeksi azatlyga goýbereninden soňra boşadylar diýip, Gani aýtdy.

Gani: “Iki professory yzarlap tapmak boýunça bilelikde edilen tagallalar netije bermedi. Ele geçirilen maglumatlardan çaklanmagyna görä, adam ogurlaýan terroristler tarapyndan saklanýarka, bularyň saglyk we howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşypdyr” diýdi.

60 ýaşly King bilen 48 ýaşly Weeks 2016-njy ýylyň awgust aýynda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy. Owgan resmileri Anas Hakkaniden başga-da, “Talyban” söweşijileriniň ýene iki ýokary derejeli wekiliniň: Hafiz Raşid Omariniň we Hajy Milli Hanyň hem azat ediljekdigini aýtdylar.

“Olar Birleşen Ştatlaryň gözegçiliginde Katara iberiler” diýip, bir owgan resmisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Bu alyş-çalşyň “Talyban” bilen owgan hökümetiniň arasynda parahatçylyk gepleşiklerine ýol açmagy mümkin. “Talyban” Amerikanyň oýnatgysy diýip, owgan hökümeti bilen gürleşmegi şu wagta çenli ret edip gelýär.

Hakkani ulgamy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ölen Jalaluddin Hakkany – Sirajuddin bilen Anasyň kakasy tarapyndan guruldy.

1980-nji ýyllarda Owganystana çozup giren sowetleriň garşysyna alnyp barlan uruşda Jalaluddin Hakkani bilen ýaranlyga giren Birleşen Ştatlar 2012-nji ýylda onuň guramasyny terroristik topar diýip yglan etdi. Bu gurama 2001-nji ýyldan bäri NATO-nyň we owgan hökümetiniň garşysyna uruş alyp barýardy.

“Talybanyň” bir bölegini emele getirýän Hakkani topary Owganystanda rehimsiz hüjümleri amala aşyranlykda tanalýar.

Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, Anas Hakkani informasiýa tehnologiýasy boýunça ekspert. Ol ulgamyň “strategik kararlar” we maliýe işlerinde möhüm rol oýnapdyr.

Hafiz Abdul Raşid Omari hem ozal Guantanamo türmesinde oturan we häzir “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň ýokary derejeli agzasy bolan Muhammad Nabi Omariniň dogany.

Owganystanyň aňtaw gullugy, Milli howpsuzlyk müdüriýetiniň agentleri Anas Hakkani bilen Omarini 2014-nji ýylda gündogar Host welaýatynda ele saldylar. Anasyň daýysy Hajy Milli Han hem, aýdylyşyna görä, 2011-nji ýylda Paktika welaýatynda Amerikan güýçleri tarapyndan tutulypdyr.

Dörän häzirki ýagdaý Amerikanyň Owganystan baradaky ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen “Talyban” arasynda uzak wagtlap alnyp barlan gepleşiklerden gözbaş alýar.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han iýul aýynda Waşingtona eden üç günlük saparynda, Amerikan uniwersitetiniň mugallymlarynyň azatlyga çykmagy üçin, elden gelenini etjekdigini aýdypdy.

Ol 23-nji iýulda Amerikan prezidenti Donald Trampa ýüz tutulan mugallymlar hakda Yslamabatdan basym “gowy habarlar” geler diýipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG