Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly etnik gazak Gazagystanda galmaga rugsat soraýar


Hytaýyň raýaty Kaýşa Agan sud jaýynda, Almaty regiony, 12-nji noýabr, 2019
Hytaýyň raýaty Kaýşa Agan sud jaýynda, Almaty regiony, 12-nji noýabr, 2019

Hytaýyň demirgazyk-günbatar Ksinjang regionyndan etnik gazak zenany serhetden bikanun geçendigi üçin sud edilende özüniň Gazagystanda galmagyna rugsat sorady we öz ýurdunda yzarlanmakdan howatyrlanýandygyny aýtdy.

Kaişa Agan 12-nji noýabrda Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Žarkent şäherinde geçirilen sud diňlenişiginde eden çykyşynda özüniň Gazagystanyň serhedinden 2018-nji ýylyň maý aýynda bikanun geçmegine Ksinjangda özüne musulmanlar üçin lagere ýerleşdirilmek haýbatynyň atylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

"Men Gazagystana baş pena gözläp geldim. Meni yzyma Hytaýa ugratmazlygy sizden soraýaryn. Men şol ýerde yzarlamalara sezewar edilerin" diýip, 36 ýaşly zenan aýtdy. Şeýle-de, ol Ksinjangda özüniň 70 ýaşly ejesiniň, öňki adamsynyň we oglunyň galandygyny aýtdy.

Kaişa Agan bir gün öň özüniň baş pena gözleýän adam statusyna eýe bolandygyny aýtdy.

Geçen ýyl BMG Hytaýyň Ksinjang regionynda 1 milliona golaý uýgurlaryň we musulman etnik toparlaryň agzalarynyň "terrorizme garşy merkezleri" diýlip atlandyrylýan lagerlere salnandygyny mälim etdi. BMG ýene-de 1 milliona golaý adamyň düzediş lagerlerine ýerleşdirilendigini habar berdi. Hytaý şeýle lagerleriň düzediş edaralarydygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG