Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze gurulýan Darganatada gurluşykçylar 5 aý bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Täze gurulýan Darganata şäherçesinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde zähmet çeken köp sanly gurluşykçy 5 aý bäri ýerli firmalardan aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy atlandyrylmazlyk şertlerinde 14-nji noýabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Darganata etrap merkezine Amyderýanyň joşmak howpy abanýar. Bu ýagdaýa çykalga hökmünde ýerli häkimiýetler etrap merkeziniň ilatyny göçürmek maksady bilen birnäçe ýyl mundan ozal täze Darganata şäherçesiniň gurluşygyna badalga berdi:

“Täze şäherçäniň gurluşyk işleri mundan 6 ýyl ozal başlanypdy” diýip, habarçy aýdýar.

Ol şäherçede alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, ozalky ençeme gurluşykçy bilen gürrüňdeş boldy:

“Binalaryň gurluşygy heniz hem tamamlanmady. Häzirki wagtda täze şäherçede işleriň bary-ýogy 15 göterimi tamamlanypdyr” diýip, habarçy gürrüňe dowam edýär.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda köp sanly gurluşykçy – ussalar we işçiler 5 aý bäri işlän zähmet haklaryny alyp bilmeýär.

“[Aýlyklaryň tölenmezligi bilen baglylykda] gurluşyklarda işlän ençeme darganataly ýerli gurluşyk firmalarynyň başlyklaryny ilki etrap suduna, soňra welaýat suduna arz edipdir. Ýöne olaryň eden şikaýatlary netijesiz bolupdyr” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň maglumatyna görä, tölege ukypsyzlykda aýyplanýan ýerli gurluşyk firmalaryň başlyklary işçilere wada beren pes aýlyk haklaryny hem töläp bilmeýär, öz gezeginde ýerli firmalar döwleti tölege ukypsyzlykda aýyplaýar.

“Ýerli firmalaryň başlyklary döwletiň öz hasaplaryna pul geçirmändigini aýdýar. Olar hatda zerur gurluşyk materiallaryny hem öz hasaplaryna satyn alandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy ençeme ýerli gurluşykçynyň sözlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda firmalar täze gurulýan şäherçede gurluşyk işleriniň täzeden batlanýandygyny aýtsalar-da, işlemäge gurluşykçy tapyp bilmeýär. “Sebäbi olar köp sanly ussanyň we işçiniň 5 aý bäri aýlyk haklaryny alyp bilmän kösenýändiklerini bilýär” diýip, habarçy ençeme gurluşykçynyň sözlerine salgylanýar.

Azatlyk Radiosyna bu mesele dogrusynda Darganata etrabynyň resmilerinden ýa-da ýerli firmalardan kommentariýa almak başartmaýar.

Darganatanyň ilaty wagtal-wagtal suw joşgunyny başdan geçirip gelýär. Iň soňky sapar sentýabryň başlarynda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Darganata etrabynda suw joşgunynyň emele gelendigini habar beripdi.

Demirgazyk-gündogar Türkmenistanda ýerleşýän 20 müň töweregi ilatly Darganata etrabynyň gündogaryndan Amyderýa akyp geçýär.

Hökümete ýakyn ýerli habar çeşmeleri täze Darganata şäherçesiniň şu ýylyň aýagyna ulanmaga beriljekdigini öňe sürýär, ýöne Azatlygyň habarçysy täze şäherçede işleriň heniz 15 göterim ýerine ýetirilendigini ýerli gurluşykçylara salgylanyp tassyklaýar.

Hökümete ýakyn habarlary çap edýän jeyhun.news saýty sentýabryň ortalarynda täze Darganatanyň gurluşygyna 20-ä golaý ýerli kärhananyň gatnaşýandygyny habar berdi. Hökümetçi saýt ýylyň aýagyna ulanylmaga beriljekdigini aýdýan täze şäherçesinde binalaryň we desgalaryň umumy toplumynyň gurulýandygyny aýdyp, häzirki wagtda bary-ýogy 7 binanynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Tamamlanandygy aýdylýan gurluşyklaryň hatarynda 1 ferma, 2 dükan, 1 awtoserwis, 2 içimlik taýýarlaýan zawod hem-de 1 sany aragatnaşyk bölümi bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG