Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da impiçment diňlenişigine ‘potensial möhüm’ şaýat çagyryldy


George Kent (çepde) we William Taýlor. 13-nji noýabr, 2019 ý.
George Kent (çepde) we William Taýlor. 13-nji noýabr, 2019 ý.

ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň Aňtaw komitetiniň başlygy, kongresmen Adam Şiff (Adam Schiff) prezident Donald Trampyň (Donald Trump) impiçment diňlenişiginde görkezme bermek üçin ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçihanasynyň işgärini çagyrandygyny mälim etdi.

Şiff ony prezidentiň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalandygyny delillendirip biljek “potensial möhüm şaýat” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Ukrainadaky ýokary derejeli diplomaty William Taýloryň (William Taylor) 13-nji noýabrda komitetiň öňünde eden çykyşynda aýtmagyna görä, onuň işgärleriniň biri Trampyň 26-njy iýulda bolan telefon gepleşiginde Birleşen Ştatlaryň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Gordon Sondlanddan “derňewler” barada sorandygyny eşidipdir.

Taýlor işgäre salgylanyp, Sondlandyň hem ukrainalylaryň bu işi ilerletmäge taýýardygyny aýdyp jogap berendigini aýdýar.

Taýloryň işgäriň eşidenleri baradaky beýanaty onuň we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ukraina boýunça orunbasary George Kentiň Wekiller Öýüniň Aňtaw komitetiniň öňünde bäş sagatdan gowrak eden çykyşynda, belkem, iň möhüm waka boldy.

Wekiller Öýüniň Aňtaw komiteti Trampyň özüniň syýasy bäsdeşi Joe Baýdeni (Joe Biden) derňetmek üçin ukrainaly kärdeşi Wolodymyr Zelenskä basyş edip-etmändigini seljerýär.

Taýloryň sözlerine görä, Sondland Tramp bilen telefon gepleşiginden soň ilçihananyň işgärine “ABŞ-nyň prezidenti Ukrainadan has köp Baýdeniň maşgalasynyň derňewini alada edýär” diýipdir.

Şeýle-de, ol işgäriň 26-njy iýulda Sondland bilen bolan gepleşigi barada geçen hepde bilip galandygyny hem aýtdy.

Şiff täze maglumaty “örän möhüm” atlandyryp, günüň diňlenişigi tamamlananda žurnalistlere munuň Ukraina baradaky instruksiýalaryň “prezidentden gelip çykýandygyny” görkezýändigini belledi.

Ol prezidentiň ýaranlaryny Trampy goramak üçin administrasiýanyň Ukraina syýasaty boýunça günäni başgalaryň üstüne ýöňkemäge synanyşmakda aýyplady.

Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky diňlenişik, duýduryjynyň 25-nji iýuldaky telefon gepleşiginde Trampy Baýdeni we onuň ogly Hanteri (Hunter) derňetmek üçin Zelenskä basyş etmekde aýyplap, bu baradaky şikaýaty tassyklamagynyň yzýanyna gabat geldi. Hanter Ukrainanyň “Burisma Holdings” gaz kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasydy.

Tramp ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasynyň Kiýew bilen gatnaşyklaryna ýolbaşçylyk eden Baýdeni Burisma boýunça derňewi togtatmak üçin Kiýewe ýurduň baş prokuroryny işden boşatmaga basyş etmekde aýyplady.

Häzire çenli impiçment diňlenişiginde çykyş eden ABŞ-nyň resmileri bu teoriýany ret edýärler.

25-nji iýuldaky gepleşikden öň, Tramp Russiýa tarapdan goldalýan separatistleriň garşysyna alnyp barýan urşunda Ukraina üçin zerur bolan 400 million dollara golaý harby kömegi goýbermän saklap otyrdy. Ol bu kömegi sentýabr aýynda goýberdi.

Şiff Ukrainany imperiýal goňşusy Russiýa tarapyndan basylyp alnan we Birleşen Ştatlaryň goldawyna mätäç millet diýip häsiýetlendirip, dawaly diňlenişige başlady. Ol 13 müňden gowrak ukrainalynyň “üstün rus güýçleri” bilen söweşde aradan çykandygyny hem belledi.

Ol Trampy harby kömegi saklamak arkaly, Kiýewi 2020-nji ýylda özüniň gaýtadan saýlanmagynyň bähbidine boljak derňewleri başlatmaga mejbur etmek üçin bu gowşaklykdan “peýdalanmaga” synanyşmakda aýyplady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG