Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda agyr ýagynlar sebäpli azyndan 27 adam öldi


Pakistanyň kartasy

Pakistanyň günorta sebitlerinde öten agşam agyr ýagynlaryň ýagmagy we ýyldyrymlaryň urmagy netijesinde azyndan 27 adam öldi.

Sindh welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Sebite halas ediş toparlary ugradyldy.

Ýerli resmileriň maglumatyna görä, tebigy hadysada onlarça adam, şol sanda köp sanly aýallar we çagalar hem ýaralanypdyr.

Resmiler adam pidalarynyň sanynyň artmagynyň mümkindigini duýdurýarlar.

Ýyldyrymyň urmagy we ondan soňky dörän ýangynyň netijesinde ýüzlerçe malyň hem heläk bolandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG