Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran goýberilýän benziniň möçberine çäklendirme girizidi


Benzin kesgitlenen 60 litr çägi geçenden soň, onuň bir litriniň bahasy 26 sent bolar.
Benzin kesgitlenen 60 litr çägi geçenden soň, onuň bir litriniň bahasy 26 sent bolar.

Eýran goýberilýän benziniň möçberine çäklendirme girizidi we onuň bahasyny artdyrdy. Bu ABŞ-nyň sanskiýalarynyň Eýranyň ykdysadyýetine zarba urmagyny dowam etdirýän döwri bolup geçýär.

Ýag-ýangyjy paýlamak paýlamak boýunça milli kompaniýanyň 14-nji noýabrda beren maglumatyna görä, her bir şahsy ulag eýesine aýlyk 60 litr benzin çäklendirmesi giriziler. Şeýle-de benziniň bir litriniň bahasy dokuz sentden 12.7 sente çenli galdyrylar.

Benzin kesgitlenen çägi geçenden soň, onuň bir litriniň bahasy 26 sent bolar.

Eýranda energiýa serişdeleriniň uly gory bar. Emma, degişli arassalaýyş desgalarynyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, ol içerki bazaryň talabyny kanagatlandyryp bilmeýär.

2007-nji ýylda Eýranyň şol wagtky prezidenti Mahmud Ahmadinejad goýberilýän benzine çäklendirme girizipdi. Bu ädim gahar-gazaby döretdi. Çäklendirme 2015-nji ýylda ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG