Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanda çagalaryň bikanun ýagdaýda perzentlige berilmegi derňelýär


Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk Gullugy çagalaryň bikanun perzentlige berilmeginiň 2016-2018-nji ýyllar aralygynda bolandygyny aýdýar. (arhiw suraty)
Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk Gullugy çagalaryň bikanun perzentlige berilmeginiň 2016-2018-nji ýyllar aralygynda bolandygyny aýdýar. (arhiw suraty)

Ermenistanyň resmileri daşary ýurtlylar tarapyndan ermeni çagalarynyň “ençemesiniň” bikanun ýagdaýda perzentlige alynmagy bilen baglylykda jenaýat derňewine başlandyklaryny mälim etdiler.

“Ermenistanyň iki raýaty ýerli çaga dogurulýan hassahanalaryň birindäki we beýleki edaralardaky tanyşlaryny ulanyp, Ermenistanyň kanunçylygyny bozup 30 töweregi çagany Italiýanyň raýatlaryna perzentlige berilmegini gurnady” diýip, Milli Howpsuzlyk Gullugy 14-nji noýabrda mälim etdi.

Beýanatda bu ýagdaýlaryň 2016-2018-nji ýyllar aralygynda bolandygy bellenilýär. Şol bir wagtda, onda çagalaryň häzirki ykbaly barada maglumat berilmeýär.

Gürrüňi gidýän döwür içinde Ermenistanda umumy hasapda 54 çaga daşary ýurtlylar, esasan hem ABŞ-nyň we Italiýanyň raýatlary tarapyndan perzentlige alyndy.

XS
SM
MD
LG