Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Azerbaýjanyň onlarça raýatyny yzyna ugratdy


Berlin
Berlin

Germaniýa Azerbaýjanyň onlarça raýatyny yzyna ugratdy. Bu aralykda, ýurtda polisiýanyň bikanun migrantlara garşy reýd geçirýändigi aýdylýar.

Azerbaýjanyň Migrasiýa gullugynyň 15-nji noýabrda beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň Azerbaýjanyň 61 raýaty Germaniýadan Bakuwa ugradylypdyr. Bu “Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň dokumentsiz şahsyýetleri yzyna ýollamak baradaky baglaşan ylalaşygyna laýyklykda amala aşyryldy” diýip, beýanatda aýdylýar.

“Olaryň 21-i erkek kişi, 18-si aýal maşgala we 21-i çaga” diýip, Azerbaýjanyň Migrasiýa gullugy belleýär.

Spiegel žurnaly 13-nji noýabrda Germaniýada polisiýanyň geçiren reýdiniň dowamynda ýurda bikanun ýagdaýda giren köp sanly Azerbaýjanyň raýatynyň üstüniň açylandygy” barada maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG