Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hudožnik Wladimir Artykow aradan çykdy


Wladimir Artykow 85 ýaşynda aradan çykdy
Wladimir Artykow 85 ýaşynda aradan çykdy

Moskwada 14-nji noýabrda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, suratçy, režisýor Wladimir Artykow 85 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň websaýtynda maglumat ýerleşdirildi.

Ölümiň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Artykow 1934-nji ýylda Daşkentde doguldy.

Ol Russiýanyň Kinomotografçylar geňeşiniň we Sungat boýunça Halkara Akademiýasynyň agzasy bolupdy.

Ol 20-den gowrak çeper we dokumental filimleri, dekorasiýa eskizlerini döretdi.

Şeýle-de, ol "Döwranyň başdan geçirmeleri" (1975 ý.), "Magtymguly" (1978 ý.) ýaly filimlerde hudožnik-oýun goýujy hökmünde işledi.

XS
SM
MD
LG