Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul çalşyk ylalaşygynyň “Talyban” sebäpli yza tesdirilendigini aýdýar


Owgan prezidenti Aşraf Ghani

Kabul owgan türmesinde saklanylýan üç ekstremistiň günbatarly iki zamuna çalyşmak ylalaşygynyň yza tesdirilmegine “Talybanyň” jogapkärdigini aýdýar.

16-njy noýabrda owgan prezidenti Aşraf Ghaniniň edarasy “Talyban” tussaglarynyň “heniz hem owgan türmesinde saklanylýandygyny” mälim etdi.

“Ylalaşylan şertleri “Talybanyň” ýerine ýetirip bilmändigi sebäpli çalşyk prosessi yza tesdirildi” diýip, metbugat wekili Sedik Sedikki Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Ol owgan hökümetiniň, “ýurduň bähbitlerini nazarda tutup”, ýagdaýy seljerjekdigini we degişli karary kabul etjekdigini hem sözüne goşdy.

Günbatar tarapyndan goldanylýan owgan hökümeti “Talybanyň” haýsy şertleri ýerine ýetirmändigini aýdyňlaşdyrmady.

12-nji noýabrda Ghani Bagram türmesinde saklanylýan “Talyban” tussaglarynyň “şert esasynda” goýberiljekdigini aýdypdy.

Bu ylalaşyga owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda gönümel gepleşikleri başlatmak üçin mümkinçilik hökmünde garalypdy. Jeňçi topary häzire çenli Kabul bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwürip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG