Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serbiýanyň prezidenti Wuçiç ýürek näsazlyklary sebäpli keselhana ýerleşdirildi


Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç ýürek näsazlyklaryny başdan geçireninden soňra keselhana ýerleşdirildi.

16-njy noýabrda ýaýradylan beýanatda aýdylmagyna görä, 49 ýaşly Wuçiç anna güni paýtagt Belgraddaky harby keselhana ýerleşdirilipdir.

Ozalky aşa milletçi Wuçiç Serbiýany Ýewropa Bileleşigine tarap alyp gitmek isleýär.

Wuçiçiň dolandyrýan Serbiýanyň Progresiw Partiýasy 2012-nji ýylda häkimiýet başyna gelipdi.

Wuçiç 2017-nji ýyldan bäri prezidentlik edýär. Şondan bäri populist lider media azatlyklaryny we demokratiýany çäklendirmekde aýyplandy.

Wuçiçiň hökümeti Serbiýa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem pugtalandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG