Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýokary ruhany lideri benziniň nyrhyny artdyrmak kararyny goldady


Eýranyň Andimeshk şäherinde hökümete garşy geçirilen protestleriň dowamynda ýag-ýangyç guýujy stansiýasyna zeper ýetdi.
Eýranyň Andimeshk şäherinde hökümete garşy geçirilen protestleriň dowamynda ýag-ýangyç guýujy stansiýasyna zeper ýetdi.

Eýranyň ýokary ruhany lideri hökümetiň benziniň nyrhyny artdyrmak baradaky kararyny goldady, şeýle-de bu sebäpli ýurduň onlarça şäherinde ýüze çykan protestleri tankytlady. Aýatolla Ali Khameneýi bu barada 17-nji noýabrda çykyş etdi.

Mundan öň, Eýranyň dürli künjeklerinde protestçiler polisiýa bilen çaknyşdylar.

Dünýäde internet üpjünçiligine gözegçilik edýän hökümete degişli bolmadyk guramanyň maglumatyna görä, Eýranyň aglaba sebitlerinde, şol sanda paýtagt Tähranyň hem käbir etraplarynda internet kesilipdir.

Protestler 15-nji noýabrda, haçanda hökümet goýberilýän benzine çäklendirme girizeninden we onuň bahasyny galdyranyndan soňra döredi.

Eýranyň 50 töweregi şäherinde protestleriň geçirilýändigi bellenilýär.

16-njy noýabrda Sirjan şäherinde bir kişi öldürildi. Behbahan, Isfahan we Mariwan şäherlerinde hem çaknyşyklaryň dowamynda dört adamyň öldürilendigi barada tassyklanmadyk maglumatlar gowuşýar.

XS
SM
MD
LG