Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji parlamentiniň saýlaw reformasyny ret etmeginden soň, Tbiliside ýene protestlere garaşylýar


Gürji oppozisiýa tarapdarlary Tbiliside parlament binasynyň daşynda ýöriş geçirýärler. 14-nji noýabr, 2019 ý.
Gürji oppozisiýa tarapdarlary Tbiliside parlament binasynyň daşynda ýöriş geçirýärler. 14-nji noýabr, 2019 ý.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside parlamentiň täze saýlaw reformasyny ret etmegi sebäpli gahar-gazaba münen demonstrantlaryň täze protestleriniň fonunda, parlament binasynyň daşyna polisiýa ýerleşdirildi.

Protestleriň guramaçylary 17-nji noýabrda Tbilisä müňlerçe adamy çekmegi maksat edinýärler. Olar kanunçykaryjylaryň geçen hepde beren seslerini yzyna almagyny gazanjak bolýarlar.

14-nji noýabrda parlamentde geçirilen ses berilişikde proporsional saýlaw ulgamyna geçmek baradaky taslama zerur bolan 113 sesi alyp bilmändigi üçin, ret edilipdi.

Bu reformany 2024-nji ýylda geçirmek planlaşdyrylýardy. Emma, oppozisiýa partiýalary munuň adalatsyz ýagdaýda Gürji Arzuwy partiýasynyň bähbidine işleýändigini aýdyp, reformanyň çaltlaşdyrylmagyny talap edipdiler.

15-nji noýabrda parlamentiň saýlaw reformasyny geçirmekden ýüz öwürmegine nägilelik bildirip, Tbiliside müňlerçe adam protest geçiripdi we esasy köçeleri böwetläpdi.

“Gürji arzuwy” partiýasynyň lideri, tutjar Bidzina Iwanişwili partiýanyň saýlaw reformasyny geçirmäge taýýardygyny aýtsa-da, bu häzire çenli amala aşmady.

XS
SM
MD
LG