Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýanyň ukrain harby gämilerini 18-nji noýabrda yzyna bermegine garaşylýar


17-nji noýabrda ukrain gämileriniň Gara deňziň kenarynda ýerleşýän Krym ýarymadasynyň gündogar kenaryndan aýrylýandygy görüldi.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Kiýewe sapar edýän mahaly, Russiýanyň ele salnan ukrain harby gämilerini 18-nji noýabryň dowamynda yzyna bermegine garaşylýar.

17-nji noýabrda irden gürrüňi edilýän üç gäminiň Gara deňziň kenarynda ýerleşýän Krym ýarymadasynyň gündogar kenaryndan aýrylýandygy görüldi. Olaryň golaýynda Russiýanyň harby deňiz gämilerini görse bolýardy.

Interfax neşiri Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugyndaky (FSB) çeşmä salgylanyp, gämileri yzyna bermek çäresiniň Gara deňziň bitarap suwlarynda amala aşyryljakdygyny habar berdi.

Şol bir wagtda, ukrain mediasy gämileriň Krym ýarymadasynyň Tarhankut burnunyň golaýyndaky ukrain port şäheri Odessanyň ortaça 60 mil golaýyna çenli eltiljekdigini mälim etdi.

Russiýa gürrüňi edilýän ukrain gämilerini, şol sanda olaryň 24 sany ekipaž agzasyny 2018-nji ýylyň noýabrynda, Russiýa bilen Gara deňziň Krym ýarymadasyny baglaýan Kerç bogazynyň köprüsiniň golaýynda tussag etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG