Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka nobatdaky prezident saýlawlarynda ýene bir möhlet bilen saýlanmaga synanyşjakdygyny tassyklady


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka. 17-nji noýabr, 2019 ý.
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka. 17-nji noýabr, 2019 ý.

Belaruslylar parlament saýlawlarynda ses beren mahaly, prezident Alýaksandr Lukaşenka ýurduň 2020-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda ýene bir möhlet bilen saýlanmaga synanyşjakdygyny tassyklady.

17-nji noýabrda Minskde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Lukaşenka prezident saýlawlaryndan öň ýurduň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek “akmaklyk bolardy” diýip, eger halk özüni goldamasa, häkimiýetde galmak üçin jan etmejekdigini hem belledi.

Lukaşenka 9,5 million ilatly ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyrýar we häzirki wagt ol bäşinji möhlet boýunça prezidentlik wezipesini ýerine ýetirýär.

Belarus prezidentlik möhleti baradaky çäklendirmeleri 2004-nji ýylda geçirilen referendumda ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG