Halkara gözegçileri Belarusda geçirilen irki parlament saýlawlarynyň dowamynda “esasy azatlyklaryň gözden düşürilendigi” barada netije çykardy.
17-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda oppozisiýa dalaşgärleri ýekeje-de orny almagy başarmadylar.
“Syýasy partiýalary hasaba almakda döredilen päsgelçilikler, tölegler we köpçülikleýin duşuşyklar babatyndanky çäklendirmeler, şeýle-de töhmet aýyplamalary esasynda salnan jenaýat sanksiýalary irki saýlawlara kölege saldy” diýip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) 18-nji noýabrda beýanat ýaýratdy.
“Bu saýlawlar demokratiýa gymmatlyklarynyň umuman äsgerilmeýändigini görkezdi” diýip, ÝHHG-niň gysga wagtlyk gözegçi missiýasynyň lideri Margareta Kederfelt belledi.
Helsinki Komitetiniň aktiwistleri we adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Wýasna” merkezi saýlawlaryň dowamynda şyltak atmak, basyş etmek kampaniýasyna we manipulýasiýalara ýol berlendigini aýtdylar.
Prezident Aleksandr Lukaşenkanyň çärýek asyrlyk häkimiýeti döwründe geçirilen parlament we prezidentlik saýlawlarynyň hiç biri halkara gözegçileri tarapyndan adalatly geçdi diýip ykrar edilmedi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.