Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatarly zamunlar, “Talybanyň” ýokary derejeli tussaglary ‘azat edildi’


Kewin King (sagda) we Timothy Weeks 2016-njy ýylda Kabulda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy.
Kewin King (sagda) we Timothy Weeks 2016-njy ýylda Kabulda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy.

“Talyban” tarapyndan alnyp gaçylan günbatarly zamunlaryň, jeňçileriň ýokary derejeli üç tussagy bilen çalşyk ylalaşygynyň çäklerinde, azatlyga goýberilendigi aýdylýar.

Zamunlar 19-njy noýabrda aglaba “Talybanyň” gözegçiligindäki Zabul welaýatynyň Nawbahar etrabynda goýberildi. Bu barada “Talybanyň” we owgan hökümetiniň çeşmeleri maglumat berýärler.

Kabulda ýerleşýän Amerikanyň Owganystandaky Uniwersitetiniň iki professory “Zabuly Amerikanyň wertolýotlarynda terk etdiler” diýip, AFP gullugy polisiýa işgärine salgylanyp maglumat berýär.

Mundan birnäçe sagat ozal, “Talybanyň” ýokary derejeli üç tussagynyň owgan hökümeti tarapyndan azatlyga goýberilendigi we olaryň Katara uçandygy barada maglumat peýda bolupdy.

Bu çalşyk ylalaşygyna owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda gönümel gepleşikleri başlatmak üçin mümkinçilik hökmünde garalýar. Jeňçi topary häzire çenli Kabul bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwürip gelýärdi.

60 ýaşly ABŞ-ly Kewen King we 48 ýaşly awstraliýaly Timothy Weeks 2016-njy ýylyň awgustynda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy.

“Talybanyň” çeşmeleri günbatarly zamunlaryň “Hakkani” hereketiniň lideri Sirajuddin Hakkaniniň inisi Anas Hakkani, şeýle-de başga iki ýokary derejeli jeňçi: Hafiz Raşid Omari we Haji Milli Khan bilen çalşylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG