Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen ozalky deputaty Gyrgyzystana tabşyrdy


Damirbek Asylbek-Uulu

Gazagystan ozalky gyrgyz kanun çykaryjysy, Almatyda gaçakçylykda aýyplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Damirbek Asylbek-Uulu Gyrgyzystana ekstradisiýa etdi.

Gyrgyzystanyň türme resmileri 19-njy noýabrda Azatlyk radiosyna Asylbek-Uulunyň bir gün ozal, galan türme möhletini öz ýurdunda geçirmegi üçin ekstradisiýa edilendigini we häzir Bişkekdäki merkezi tssagahanadadygyny aýtdylar.

Asylbek-Uulu Gazagystanda aprel aýynda, Almaty sudy ony harytlary bikanun ýol bilen geçirmegi planlaşdyrandygy we guramaçylykly jenaýat toparynyň işine gatnaşandygy üçin günäli tapandan soň türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu iş boýunça ýyl kesilen ýene 11 adam, şol sanda 2 gyrgyzystanly we 9 gazak üç ýyldan 14 ýyl aralygynda azatlykdan mahrum edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG