Şwed mediasy ABŞ derňewçileriniň Skandinawiýa döwletleriniň iň uly banklarynyň birini Orsýetiň “Kalaşnikow” awtomatlaryny öndürýän zawody bilen bagly şübheli bank amallary esasynda derňeýändigini habar berýär.
SVT 20-nji noýabrdaky habarynda Kalaşnikowyň esasy paýdarlarynyň biri, Aleksander Mahmudow atly rus oligarhynyň 1 milliondan gowrak ýewrony (US$1.1 million) Birleşen Ştatlarda hasaba alnan Kalaşnikow ABŞ kärhanasyndaky kärdeşlerine geçiren bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.
Bu serişdeler Swedbankyň Estoniýadaky bölüminiň üstünden geçirilipdir diýip, SVT habar berýär.
Bu iş 2014-nji ýyldan soň, ABŞ Moskwanyň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegine jogap hökmünde Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki uly kompaniýalarynyň bir toparyna garşy sanksiýa girizilende edilipdir.
ABŞ derňewçileri indi Swedbankyň bu bank amallarynda sanksiýalary bozup-bozmandygyny barlaýar diýip, SVT aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?