Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda bikanun böwrek söwdasynda güman edilen lukman tutuldy


Eýran. Böwregini satýan işçiniň karikaturasy
Eýran. Böwregini satýan işçiniň karikaturasy

Gazagystanda bir hassahananyň başlygy daşary ýurtly müşderilere bikanun böwrek çalşyp bermekde güman edilip saklandy.

Içeri işler ministrligi 19-njy noýabr güni giçlik beýanat çap edip, Abylaý Donbaýyň, Şymkentdäki 1-nji hassahananyň başlygynyň tussag edilendigini, onuň transmilli jenaýat toparyna goşulyp, adam organlaryny bikanun ýurtdan çykarmakda aýyplanandygyny aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, derňewçiler 2017-2018-nji ýyllarda Gazagystanda hereket eden jenaýatçy toparyň üstüni açdylar.Bu topar daşary ýurtlardan, hususan-da Ysraýyldan gelen müşderileri “agyr ykdysady ýagdaýlar sebäpli öz böwreklerini satmaga razy bolan” gyrgyz, ukrain, özbek raýatlarynyň böwrekleri bilen bikanun üpjün edipdir.

Bu iş boýunça ýene iki güman edilýän, şol sanda gürrüňi edilýän hassahananyň lukmany 2019-njy ýylyň başynda tussag edildi.

XS
SM
MD
LG