Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetlileriň arasynda söz azatlygyna gadyr goýýanlar köpelýär


Moskwa. Söz azatlygy baradaky proteste gatnaşýan aýal. Arhiw suraty
Moskwa. Söz azatlygy baradaky proteste gatnaşýan aýal. Arhiw suraty

Soňky iki ýylda ýurtda söz azatlygyny raýatlaryň möhüm hukugy hasaplaýan adamlaryň möçberi 34 prosent bolanlygyndan 58 prosente çykdy diýip, “Interfaks” “Lewada" merkezine salgylanyp habar berýär.

Şol bir wagtda, orsýetliler din we ýygnanyşmak azatlyklaryny hem raýatlaryň möhüm hukuklary hökmünde köp agzamaga başladylar.

Moskwanyň ýaşaýjylarynyň arasynda söz azatlygynyň gymmaty birden iki esse ýokarlandy. Obalarda we kiçi şäherlerde onuň gymmaty bir ýarym esse ýokary galdy.

Sudlaryň adalatly bolmagyny möhüm hasaplaýan adamlaryň möçberi 50% bolanlygyndan 64 prosente çenli ýokarlandy.

Din we wyždan azatlygynyň ähmiýeti hem iki ýylda tas iki esse ýokarlanyp, 22% bolanlygyndan 40% boldy.

Bu tema boýunça soňky pikir soramalary 2019-njy ýylyň 24-30-njy oktýabrynda geçirildi we oňa 50 regiondan 1,6 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Mundan öň şeýle pikir soramalary 2017-nji ýylda geçirildi. Jogap berenlerden haýsy adam hukuklaryny iň möhüm diýip hasaplaýandyklary barada soraldy.

XS
SM
MD
LG