Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serb howpsuzlyk agentligi wideodaky erkegiň rus aňtaw ofiseridigini tassyk edýär


Premýer-ministr Ana Brnabik
Premýer-ministr Ana Brnabik

Rus diplomatynyň başga bir adama, Serbiýanyň howpsuzlyk gullugynyň uly derejeli agzasyna pul berşini görkezýän wideo sosial mediada peýda bolandan soň, Serbiýa Orsýet bilen baglylykda bir içalyçylyk maglumatyny derňeýändigini aýdýar.

Premýer-ministr Ana Brnabik 20-nji noýabrda prezidentiň harby aňtaw gullugyna bu wideoda görkezilýän zatlary we pul berýän adamyň hamala rus harby aňtaw agentidigi barada aýdylýanlary derňemegi buýrandygyny aýtdy.

Bu wideo YouTube kanalynda 17-nji noýabrda, ‘Kdjuey Lskduf’ diýlip atlandyrylan YouTube sahypasynda ýerleşdirildi, ol “Rus aňtaw ofiseri serb içalysy bilen duşuşýar” diýlip atlandyryldy.

Bu wideo, aýdylmagyna görä, rus diplomatynyň Belgraddaky “Gara goýun” meýhanasynyň golaýynda bolan duşuşyk wagtynda serb agentine plastiki haltajygy geçirýändigini görkezýär.

Biraz soň ol serb şol berlen haltadan konwerte salnan pullary çykarýar. Serbiýanyň howpsuzlyk aňtaw agentliginiň analitikleriniň başlygy Relja Zeljski “bu wideoda görünýän adamyň rus aňtaw agentidigi şübhesiz anyklandy” diýdi. Emma muňa garamazdan, Zeljski wideoda ýüzi gamaşdyrylan beýleki adamyň kimdigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG