Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Döwlet dumasy 'daşary ýurt agenti' kanun taslamasyny tassyklady


Orsýetiň Döwlet dumasynyň gazlary mejlis geçirýär. 21-nji noýabr, 2019.

Rus parlamanetiniň aşaky palatasy ýa-da Döwlet dumasy resmi taýdan daşary ýurt agentleri diýlip hasaba alnan daşary ýurt guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistleriň özlerini daşary ýurt agentleri hökmünde kesgitlemegine rugsat berýän kanun taslamasynyň jemleýji okalyşyny tassyk etdi.

21-nji noýabrda tassyklanan kanun taslamasy daşary ýurt media guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýän we olardan maliýe ýa-da maddy goldaw alýan adamlar daşary ýurt agentleri hökmünde hasaba alnyp biler diýýär.

Bu kanun taslamasy indi, prezident Wladimir Putin onuň kanun bolmagy üçin gol çekmezinden öň,parlamentiň ýokarky palatasy, Federasiýa geňeşi tarapyndan tassyklanmaly.

Orsýet daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan hökümetden aýry guramalaryň ählisiniň daşary ýurt agentleri hökmünde hasaba alynmagy baradaky kanuny 2012-nji ýylda, Wladimir Putin häkimiýet başyna geleli bäri guralan iň uly anti-hökümet protestlerinden soň kabul etdi.

Putin bu protestlerde günbatar täsirlerini we daşardan berlendigi aýdylýan pullary günäledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG