Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Uýgur telekeçisi öldürilmezinden öň žurnalistlere Gyrgyzystandaky korrupsiýa subutnamalaryny berdi


Aerken Saimaiti

Gyrgyzystan bilen bagly biznesmen şu aýda Türkiýede atylyp öldürildi, ýöne ol mundan öň žurnalistlere gizlinlikde Gyrgyzystanyň gümrük gullugyndaky korrupsiýanyň we ýurtdan uly möçberde nagt pul çykarmagyň subutnamalaryny berdi.

Bu barada AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň, Gyrgyzystanyň Kloop habar neşiriniň bilelikde geçiren täze derňewinde habar berilýär.

Hytaýly etniki uýur, 37 ýaşyndaky Aierken Saimaiti 10-njy noýabrda Stambulda atylyp öldürilmezinden öň Gyrgyzystanyň ozalky gümrük başlygyny we kölegedäki uýgur biznes guramasyny, harytlaryň dokumentlerini galplaşdyrmak we salgytdan gaçmak arkaly, bikanun shemalar esasynda millionlarça dollar gazanmakda aýyplady.

Saimaiti Gyrgyzystandan 2017-nji ýylda, öz aýtmagyna görä, öz howpsuzlygyny alada edip gaçdy. Ol žurnalistlere ýüzlerçe million dollaryň nähili usullar arkaly Gyrgyzystandan çykarylyşyny görkezýän ýüzlerçe dokument berdi. Ol daşaryk çykarylan serişdeleriň uly böleginiň pul ýuwmak bilen baglydygyny aýtdy.

Bu pullaryň köp bölegi Hytaýda doglan, gazak pasportly uýgur Khabibula Abdukadyr tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň gaznasyna girdi.

Abdukadyryň maşgala agzalary, gümrük gullugy we gyrgyz kanun goraýjylary düşündiriş sorap edilen talaplara jogap bermediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG