Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň interneti “ölümi we betbagtçylygy” ýaşyrmak üçin böwetländigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tährany geçen hepde ýangyç bahalarynyň gymmatladylmagy netijesinde turan protestler arasynda öldürilen onlarça adamyň ölümini ýaşyrmak üçin eýranlylary internetden üzňeleşdirmekde aýyplady.

"Eýran şeýle bir durnuksyz ýagdaýa baryp ýetdi we režim tutuş internet ulgamyny baglamaly boldy... Hamala, şeýdilende dünýä jemgyýetçiligi eýran režiminiň sebäp bolýan adam heläkçiliklerini we betbagtçylyklaryny bilip bilmejek ýaly” diýip, Tramp 21-nji noýabrdaky twitter beýanatynda aýtdy.

Eýran häkimiýetleri şol günüň özünde Tähranda we birnäçe welaýatda internet elýeterliligini dikeltmäge başlady diýip, habarlarda aýdyldy. Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy 21-nji noýabrda, birnäçe güne çeken gozgalaňdan soň, asudalygyň yzyna dolanyp gelendigini aýtdy.

Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasynyň beýanatynda ýaragly güýçleriň “pitneçilere” garşy öz wagtynda çäre görendigi taryplanýar we olaryň liderleriniň tussag edilmegi “ýagdaýy kadalaşdyrmaga düýpli goşant goşdy” diýilýär.

Şu aralykda ýarym resmi “Fars” habar gullugy “internetiň ýurtda kem-kemden dikeldilýändigini” habar berdi. Eýran häkimiýetleri ýurduň internet ulgamyny 16-njy noýabrda ýapdy we bu ýagdaý protestler barada anyk-aýdyň maglumatlary almakda uly kynçylyk döretdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG