Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti şu aýda Özbegistana sapar eder


Türkmen we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezim edýär. Arhiw suraty
Türkmen we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezim edýär. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-29-njy noýabr aralygynda Özbegistana iş saparyny amala aşyrar, bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

Saparyň çäklerinde türkmen prezidentiniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşjakdygy, taraplaryň hyzmatdaşlygyň ähli ugry boýunça maslahat etjekdigi,türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretjekdigi habar berilýär.

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana 2017-nji ýylyň martynda we 2018-nji ýylyň aprelinde sapar etdi.

XS
SM
MD
LG