Prezident Aşraf Ganiniň edarasy owgan lideriniň hökümetiň ýedi bölümden ybarat parahatçylyk planyny telefonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen maslahatlaşandygyny, amerikan lideriniň “Talyban” bilen gepleşikleriň başlanmagynyň öňünde ýaraşyk, atyşyklary bes etmek şertini goýup, öz pikirinde berk durýandygyny aýdýar.
Şeýle-de Tramp, sözçi Sedik Sedikkiniň 22-nji noýabrdaky twitter beýanatynda aýdylmagyna görä, “islendik prosesiň rowaç bolmagy üçin, owgan hökümetiniň bu gepleşiklere gatnaşmagy, dahylly bolmagy we oňa turuwbaşdan ýolbaşçylyk etmegi hökmany şert bolup durýar we bu haýal etmän amala aşyrylmaly” diýdi.
Ganiniň topary geçen aýda, Owganystandaky 18 ýyllyk konflikti soňlamak üçin, ABŞ-“Talyban” gepleşiklerini gurnamagy maksat edinýän ýedi bölümli teklibini çap etdi.