Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwisti derhal gaýtadan tussag edilmegini “syýasy sebäpli” hasaplaýar


Aktobe. Alibek Moldin gaýtadan sud otagyna getirildi. 22-nji noýabr, 2019.
Aktobe. Alibek Moldin gaýtadan sud otagyna getirildi. 22-nji noýabr, 2019.

Gazak aktiwist 15 günlük türme tussaglygyndan azat edilip, şolbada gaýtadan tussag edildi. Ol bu gezek internetde ýygnanyşyga gatnaşýan üç aýaly masgaralamakda aýyplandy.

8-nji noýabrda, öz atlandyryşy boýunça aýtsak, "Hytaýyň ekspansiýasyna" garşy protest gurnandygy üçin tussag edilen Alibek Moldin 22-nji noýabrda tussaghanadan çykan badyna gaýtadan tussag astyna alyndy diýip, Aktobe şäheriniň sudy aýtdy.

Moldin özüniň bigünädigini aýtdy. Ol sentýabr aýynda aýallaryň enelere we çagalara berilýän kömegi köpeltmek talaplary bilen gurnan ýygnanyşygyny feýsbukda göni alyp görkezendigini boýun aldy, ýöne olary masgaralamadym diýdi.

Moldin özüniň gaýtadan tussag edilmeginiň raýat hukuklary boýunça alyp barýan işleri bilen baglydygyny, ýagny " syýasysebäplidigini" hem öňe sürdi.

Sudýa Temirbek Aldanow bu sud seljerişligini 27-nji noýabra çenli yza süýşürdi.

XS
SM
MD
LG