Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ sudy Eýranyň 2014-nji ýylda tussag eden amerikan žurnalistine $180 million jerime tölemegini buýurýar


Jason Rezaian
Jason Rezaian

ABŞ sudy Eýranyň “Washington Postuň” žurnalistine we onuň maşgalasyna, eýran-amerikan žurnalistini 2014-nji ýylda içalyçylykda aýyplap tussag edendigi üçin $180 milliona golaý jerime tölemegi buýurdy.

ABŞ-nyň etrap sudunyň sudýasy 22-nji noýabrda žurnalist Jason Rezaiana we onuň maşgalasyna, çeken jebir-jepalary we Eýranda 18 aý tussaglyk mahalynda çeken ykdysady zyýanlarynyň öwezini dolmak üçin, jerime tölenmegi barada karar çykardy.

Rezaian özüne fiziki jebir berlendigini, ukudan we medisina bejergisinden mahrum edilendigini, tussag wagtynda jezalandyryp öldürmek haýbatynyň atylandygyny aýtdy.

Ol Tähran tarapyndan 2016-njy ýylda, 544 gün soňra azatlyga çykaryldy.

Tähran suduň kararyna jogap bermedi we ýetiren zyýany üçin töleg tölär öýdülmeýär.

Emma muňa garamazdan, Rezaianyň aklawçysy David W. Bowker özlerine kongres tarapyndan 2015-nji ýylda terror pidalaryna töleg etmek üçin döredilen gaznadan pul berlip bilinjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG