Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wilnýusda 1863-nji ýyldaky anti-rus gozgalayňynyň ýolbaşçysynyň galyndylary gaýtadan jaýlandy


Milli gahrymanyň gaýtadan jaýlanyş dabarasyna Belarusdan ýüzlerçe adam geldi.

23-nji noýabrda Wilnýusda 1863–1864-nji ýyllarda ozalky Polýak-Litwa arkalaşygynyň, häzirki Belarusyň, Litwanyň we Polşanyň çäklerinde rus imperiýasyna garşy gozgalaňa gatnaşanlaryň jesetleriniň galyndylarynyň gaýtadan jaýlanyş dabarasy geçirildi.

21 gozgalaňçynyň, şol sanda olaryň ýolbaşçylary Kastus (Konstantin) Kalinowskiniň we Sigizmund Serakowskiniň jesetleriniň galyndylary 2017-nji ýylda, Litwanyň paýtagtynda bolan arheologiki gazyp-agtaryşlar wagtynda tapyldy.

Jesetleri tapylan 21 gozgalaňçynyň 20-siniň galyndylary gaýtadan jaýlandy, alymlar olaryň biriniň şahsyýetini anyklamagy başarmadylar.

Milli gahrymanyň gaýtadan jaýlanyş dabarasyna Belarusdan ýüzlerçe adam geldi. Ähli ýerde ak-gyzyl-ak reňkli baýdaklar – bu ýurtlaryň taryhy baýdaklary galgady.

Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy bu dabarany internetde alyp görkezdi.

Kastus Kalinowskiý 1863-1864-nji ýyllaryň milli azat ediş gozgalaňynyň ýolbaşçylarynyň biri boldy. Ol belaruslaryň, litwalylaryň we polýaklaryň milli gahrymany diýip bilinýär.

Peterburg uniwersitetini hukuk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesi bilen tamamlan Kalinowskiý okaýan ýyllarynda bikanun student ýygnanyşyklaryna gatnaşýar, 1862-nji ýylda bolsa litwalylaryň welaýat komitetine goşulýar.

Ol birnäçe aýdan häzirki Belarusyň we Litwanyň çäklerinde turjak gozgalaňy taýýarlaýan merkezi guramanyň başlygy bolýar.

Kalinowskiniň ýolbaşçylygyndaky gozgalaň toparlary esasan häzirki belarus topraklarynda hereket edýär we Rus imperýasynyň patyşa goşunlaryna garşy ýaragly göreş alyp barýar.

Gozgalaňçylaryň maksady, aglaba ýagdaýlarda polýak dilli ýaşaýjylara daýanmak bilen, belarus daýhanlarynyň goldawlaryny gazanyp, 1795-nji ýylda Rus imperiýasy, Awstriýa we Prussiýa arasynda gutarnykly paýlaşylan fedartiw-monarhiýa respublikasyny - Polýak-Litwa arkalaşygyny dikeltmekden ybarat bolupdyr.

Bu arkalaşyk 1569-njy ýylda, beýik litwa, rus, žamatoý knýazlyklaryny we polýak patyşalygyny birleşdirmek esasynda döredilipdir.

Kalinowskiniň gozgalaşçylarynyň esasy şygary "Kimi söýýärsiň? - Belarusy söýýärin" diýen şygar bolupdyr.

Kalinowskiniň gozgalaňy basylyp ýatyrylýär. Patyşanyň žandarmlary Kalinowskini 1864-nji ýylyň ýanwarynda Wilnede (häzirki Wilnýus) ele salýarlar.

Patyşalygyň harby-meýdan sudy ony atuwa höküm edýär. Emma rus general-gubernatory, gozgalaňy basyp ýatyrmak wezipesi ynanylan Mihail Murawýew onuň asylyp öldürilmegini talap edýär.

Kalinowskini 1864-nji ýylyň 22-nji martynda, Wilnenäniň Lukiş meýdançasynda asyp öldürýärler. Şol wagt ol 26 ýaşynda eken.

Şondan soň belarus topraklarynda repressiýa başlanýar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG