Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dubaýda 'prezidentiň giýewisiniň' ýolbaşlygyndaky Türkmen konsullygy açyldy


Berdimuhamedowlar ses berýär. 12-nji fewral, 2017.

23-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasyna Dubaýyň dolandyryjysynyň orunbasary, maliýe ministri Şeýh Hamdan bin Raşid al Maktum, wise-premýer, türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow, BAE-niň Türkmenistandky ilçisi Hasan Abdulla Al Adhab, ýerli resmiler we daşary ýurt diplomatlary, metbugat wekilleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Reşit Meredow dabarada eden çykyşynda konsullygyň açylmagyny Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn ilerlemesiniň aýdyň mysaly hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkmenistanyň BAE-däki baş konsuly Yhlasgeldi Amanow Dubaýda türkmen konsullygynyň açylmagynyň türkmen-emirat gatnaşyklarynyň ähli ugur boýunça ösmegine saldamly goşant goşjakdygyny aýtdy.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşirinde çykan maglumata görä, Y.Amanow Türkmenistanyň prezidentiniň gyzy Güljahan Berdimuhamedowanyň adamsy bolup, 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Germaniýadaky, Belgiýadaky we Angliýadaky ilçihanalarynda jogapkär weziperde işledi.

Bu maglumaty garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak häzirlikçe başartmady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Amanowy sentýabryň aýagynda Türkmenistanyň Dubaýdaky baş konsuly wezipesine belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG