Birleşen Ştatlar sosial media läheňleri bolan Feýsýugy, Instagramy weTwitteri, ýurtdaky internet elýeterliligini dikeldýänçäler, eýran hökümetine we liderlerine degişli sosial media hasaplaryny baglamaga çagyrdy.
"Bu barypýatan iki ýüzli režim” diýip, ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Brian Hook “Bloomberg News” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Bu interwiýu Döwlet departamentiniň Twitter hasabynda hem goýuldy.
"Bu ýurt interneti baglaýar, şol wagt hem onuň hökümeti ähli sosial media hasaplaryny ulanmagyny dowam etdirýär” diýip, ol aýtdy.
"Onsoň biz Facebook, Instagram we Twitter ýaly kompaniýalary ýokary lider [Aýatollah Ali] Khamenei, daşary işler ministri [Mohammad Javad] Zarif we prezident [Hassan] Rohani ýaly ýolbaşçylaryň hasaplaryny öz adamlarynyň internetlerini dikeldýänçäler baglamagy soraýarys” diýip, Hook aýtdy.
Eýran hökümeti geçen hepde ýurtda ýangyç bahalarynyň gymmatlamagy sebäpli turan gozgalaňlar bilen baglylykda interneti tasdan doly baglamak kararyna geldi. Gözegçilik toparlary internet baglanyşygynyň soňky iki günde biraz gowulaşýandygyny aýtdylar.